Obada ulalan bir ýigit nädip ýeňilmezek söweşijä — şahsyýete öwrüldi? Millionlarça adamy ruhlandyrjak taryh!
Bu gün Habib Nurmagomedowyň adyny bütin dünýä bilýär. Emma onuň belentliklere uzaýan ýoly kaşaň sport zallaryndan däl-de, Dagystanyň kiçijik bir obasynda başlady.
Onuň iň meşhur jümleleriniň biriniň şeýle bolmagy ýöne ýere däldir:
«Iň esasy zat — elmydama adam bolup galmakdyr. Adamçylygy ýitirmezlikdir».
Onuň kakasy, meşhur tälimçi Abdulmanap Nurmagomedow ogluna çagalygyndan ýönekeý bir hakykaty öwretdi: zehin ýapyk gapylary açýar, tertip-düzgün, talap bolsa ýeňişleri getirýär.
Habib çagalygynda aýynyň çagajygy bilen göreşipdir. Bu türgenleşikleriň wideosy bütin dünýä ýaýrady we onuň üýtgeşik sport ýolunyň nyşanyna öwrüldi. Emma onuň üçin hakyky bäsdeş aýy däl-de, öz-özüdi. Başgalar çempion bolmagy arzuw edýän wagty ol her gün öz maksadyna tarap ýene bir ädim ädýärdi.
Onuň netijesi bolsa hemme zady aýdyň görkezýär — 29 tutluşykda 29 ýeňiş, hiç hili ýeňliş ýok. «UFC-de» şeýle sepgide diňe sanlyja adam ýetipdi.
2020-nji ýylda Habib sport ýoluny «UFC-niň» asla ýeňilmedik çempiony hökmünde tamamlady. Ol özüniň iň soňky ýeňşini tutluşykdan birnäçe aý öň aradan çykan kakasyna bagyşlady. Millionlarça adam Habibi diňe bir ýeňişleri bilen däl, eýsem, pespälligi, ene-atasyna bolan hormaty we öz ýörelgelerine wepalylygy üçin ýadynda saklaýar.
Zehinli söweşijiniň karýerasyndan gelip çykýan esasy netije bolsa üstünligiň diňe iň zehinlilere ýetdirmeýändigi bilen baglydyr. Oňa diňe kynçylyga boýun egmeýänler ýetýär. Hakyky çempionlar hut şeýle kemala gelýärler.
