Taryhçy Fiorenso Santini geçiren ylmy-barlaglarynyň netijesinde dünýä futbolynyň ýyldyzy Lionel Messiniň brazil kökleriniň bardygy baradaky netijä geldi. Alym üç ýylyň dowamynda argentinaly ýyldyzyň nesil şejeresini öwrendi we gyzykly bir maglumaty anyklamagy başardy: Messiniň ejesi tarapyndan bolan garyndaşlary Argentinada hemişelik ornaşmazdan ozal, belli bir wagt Braziliýada ýaşapdyrlar.
Meşhur türgeniň doly ady — Lionel Andres Messi Kuççittini. Bu maşgala taryhyndaky esasy şahs Messiniň garry babasy Ranýero Kokkettini bolup çykdy. San-Paulu ştatynyň Immigrasiýa muzeýiniň arhiw maglumatlaryna görä, 1899-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda ol aýaly we Italiýada dünýä inen iki çagasy (Juliýa we Françesko) bilen Braziliýanyň Santos portuna gelipdir.
Soňra maşgala ýaşaýan ýerini üýtgedipdir we olaryň ýene iki çagasy bolupdyr. Olaryň biri 1904-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda dünýä inen Arderigodyr.
Geň galaýmaly ýeri, resminamalarda bu çaga eýýäm Federiko Kuççittini hökmünde hasaba alnypdyr. Familiýanyň beýle üýtgedilmegi şol döwür üçin adaty ýagdaýdy: immigrasiýa gullugynyň işgärleri asyl atlaryň dogry ýazylyşy we aýdylyşy kyn bolandygy sebäpli, daşary ýurtlularyň familiýalaryny ýygy-ýygydan üýtgedip ýazypdyrlar.
Arderigonyň (Federiko) dogulmagyndan bir ýyl soň, maşgala Argentinanyň Rosario şäherine göçüpdir. Hut şu şäherde hem wagtyň geçmegi bilen futbolçynyň atasy Antonio Kuççittini, ejesi Seliýa Mariýa Kuççittini we Messiniň özi dünýä inipdir. Bu barada Braziliýanyň «Globo» neşiri habar berýär.
