«Köpetdag» «Şagadamdan» soňky minutlarda üstün çykdy: Türkmenistanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň netijeleri

MilliInfo

12 Awgust, 2025

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň çäginde paýtagtymyzda ýerleşýän «Köpetdag» stadionynda ýerli «Köpetdag» topary «Şagadam» bilen duşuşdy.

Oýnuň 19-njy minutynda topy «Köpetdagyň» hüjümçisi Daýanç Meredow garşydaş oýunçylaryň birnäçesini geçip, takyk urgy bilen topy derwezäniň aşaky burçuna girizip, hasaby açdy. Şeýle-de bolsa, bu tapawut uzak dowam etmedi — 25-nji minutda «Şagadamdan» Mekan Aşyrow jogap goluny geçirdi we birinji ýarym 1:1 hasabynda tamamlandy.

Ikinji ýarymda iki topar hem hüjüm oýnuny gurady we ýeňşe ymtylýandygyny görkezdi. Bu bolsa dartgynly pursatlaryň has hem köpelmegine getirdi. Netijede, «Köpetdagyň» futbolçysy Jumamyrat Jumayew 90+3-nji minutda ýeňiş pökgüsini geçirdi. Şeýlelik bilen, «Köpetdag» diýseň möhüm üç utugyny gazandy.

Bu ýeňişden soň «Köpetdag» 8 utuk bilen ýaryş tertibinde sekizinji orunda ýerleşýär. «Şagadam» bolsa 28 utuk bilen dördünji orny saklaýar.

Tapgyryň beýleki duşuşyklary

Tapgyryň ikinji duşuşygy Mary şäherinde «Merw» stadionynda geçdi. Bu ýerde ýerli topar bilen «Altyn Asyr» duşuşdy. Duşuşykda taraplaryň hiç biri derwezä pökgini girizip bilmedi — oýun 0:0 hasaby bilen tamamlandy.

Tapgyryň iň netijeli duşuşygy Balkanabat şäherinde boldy. «Nebitçi» topary öz meýdançasynda çempionatyň lideri «Arkadag» bilen duşuşyp, 1:8 hasabynda asgyn geldi. Myhman toparynyň düzüminde Begenç Akmämmedow we Şamämmet Hydyrow het-trik etdiler. Şeýle-de Ybraým Mämmedow bilen Gurbanmuhammet Esenow hem bir gezekden tapawutlanmagy başardylar. «Nebitçiniň» ýeke-täk goluny 84-nji minutda Abdymuhammet Begjanow geçirdi.

Bu ýeňşinden soň «Arkadag» futbol kluby 51 utuk bilen çempionatyň ýaryş tertibindäki birinji ornuny berkidýär.

21-nji tapgyryň netijeleri

  • «Köpetdag» – «Şagadam»  – 2:1

Geçirilen ýeri: «Köpetdag» st. (Aşgabat şäheri)

Gollar: 19 Daýanç Meredow, 90+3 Jumamyrat Jumaýew («Köpetdag») – 25 Mekan Aşyrow («Şagadam»)

 

  • «Merw» – «Altyn Asyr»  – 0:0

Geçirilen ýeri: «Merw» stadiony (Mary şäheri)

 

  • «Nebitçi» – «ARKADAG»  – 1:8

Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» (Balkanabat şäheri)

Gollar: 84 Abdymuhammet Begjanow («Nebitçi») – 3, 10, 50 Begenç Akmämmedow, 28 Ybraýym Mämmedow, 45+1, 65 (P), 66 Şamämmet Hydyrow, 87 Gurbanmuhammet Esenow («ARKADAG»).

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo