«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara sergi we maslahat öz işine başlady

MilliInfo

Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Nobatdaky ýubileý forum bu çäräniň taryhynda iň köpçülikleýin derejedäki gözden geçiriliş hem-de maslahat bolar. Oňa 1400-den gowrak delegat we sergilik ekspozisiýany hödürleýän kompaniýalaryň 100-den gowragy gatnaşýar.

Şu gezekki forum ýüzlerçe gatnaşyjyny, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň wekillerini bir ýere jemledi. Çäräniň maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, dünýäniň energetika ulgamyndaky soňky ýörelgelere göz aýlamakdan we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr.

Ähmiýetli forum bilen bir wagtda bu ýerde «OGT EXPO 2025» sergisiniň geçirilýändigini bellemek gerek. Onda 70 ýurtdan bolan 100-den gowrak kompaniýa täze tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny hödürleýär.

Forumyň çäklerinde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen sanly ulgam arkaly ikitaraplaýyn duşuşyklaryny guramak, şeýle hem metbugat maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Oguljeren GURBANOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ Daşary ýurt dilleri kafedrasynyñ uly mugallymy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo