Wena ägirt uly ýubileýe taýýarlanýar. 70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşigini resmi taýdan Awstriýa kabul edýär. Bu aýdym-saz baýramçylygynyň şol ýerde ýaýbaňlandyrylmagy geçen ýyl aýdymçy Jeý Jeýiň (JJ) we onuň «Wasted Love» atly meşhur hitiniň gazanan uly ýeňşi saýasynda mümkin boldy.
Hrustal mikrofona tarap ýol eýýäm şu hepdeden başlanýar. 12-nji we 14-nji maýda iki sany ýarym final geçiriler. «Winer-Ştadthalle» (Wiener Stadthalle) sahnasynda 35 ýurduň wekili çykyş eder, emma olaryň diňe 20-si finalda çykyş etmäge hukuk gazanar.
Esasy şowhun — uly final şenbe gününe — 16-njy maýa bellenildi. Jemi 25 sany iň güýçli artist ýeňiş ugrunda bäsleşer.
«Ýewrowideniýe» bäsleşiginiň finalyna «Uly bäşlik» diýlip atlandyrylýan bäş ýurt (Germaniýa, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Italiýa we Ispaniýa), şeýle hem şu gezekki bäsleşigi kabul edýän ýurt (Awstriýa) göni (awtomatik usulda) gatnaşýarlar.