ABŞ-niň Döwlet departamentinde «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagy mynasybetli ýubileý kabul edişlik guraldy

MilliInfo

5-nji noýabrda Waşington şäherinde — ABŞ-niň Döwlet departamentiniň binasynda «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagynyň ýubileý duşuşyklaryna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, ABŞ-niň Kongresiniň senatorylary, Wekiller palatasynyň agzalary, döwlet edaralarynyň işgärleri hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-niň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Kabul edişligiň dowamynda «C5+1» formatynyň döredilmeginiň şanly senesine bagyşlanan taryhy wakanyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky sebitara gatnaşyklary, köpugurly hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo