Türkmenistanly ýaş tennisçi Buharada geçen halkara ýaryşda uly üstünlik gazandy

MilliInfo

2 sagat öň

Türkmenistanly ýaş tennisçi Buharada geçen halkara ýaryşda uly üstünlik gazandy

Türkmenistanly ýaş türgen Aýlin Nuryýewa Buhara (Özbegistan) şäherinde geçirilen 9 ýaşa çenli çagalaryň arasyndaky Buhara welaýatynyň açyk halkara tennis ýaryşynda (Orange Ball) altyn medal gazandy. Halkara tennis federasiýasynyň «ITF Tennis 10s» maksatnamasy boýunça guralan ýaryşdaky ýeňşi zehinli tennisçi gyzyň karýerasyndaky ilkinji halkara üstünlik boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Özbegistanyň Tennis federasiýasynyň we Buhara welaýatynyň Tennis federasiýasynyň howandarlygynda Buharanyň döwrebap enjamlaşdyrylan tennis toplumynda geçirilen ýaryşa Daşkentden, Andijandan, Nukusdan, Buharadan we Türkmenistandan ýaş türgenleriň 20-si gatnaşdy. Ýaryşyň esasy aýratynlygy oglanlaryň we gyzlaryň bir bäsleşik toparynda bilelikde çykyş etmegi bolup, ol bäsdeşligiň derejesini ep-esli ýokarlandyrdy.

Çempionlyk derejesine barýan ýolda Aýlin Nuryýewa ýokary durnuklylyk we ussatlyk görkezdi. Daşkentli garşydaşy bilen geçen dartgynly ýarym finalda 0:5 hasabynda utulyp barýan türkmen tennisçisi duşuşygyň depginini üýtgedip, 9:7 hasabynda ýeňiş gazandy. Final duşuşygynda Türkmenistanyň wekili özbegistanly türgeni 7:3, 7:3 hasabynda ynamly ýeňip, ýaryşyň baş baýragyny eýeledi.

Mary şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aýlin Nuryýewa Andreý Dowmatowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Ýaş türgeniň üstünlikli çykyşy türkmen çagalar tennis mekdebiniň artýan mümkinçiligini görkezdi hem-de oňa indiki halkara bäsleşiklerine gatnaşmaga mümkinçilik döretdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info