Samarkant şäherinde guralan ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynda 15-nji dekabr Bütindünýä türki dilli maşgalanyň güni diýlip tassyklanyldy. Indi bu baýram her ýyl bellenilip, türki dilli halklaryň dil, medeni we taryhy birliginiň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nyşanyna öwrüler.
Şeýle möhüm başlangyç Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan öňe sürüldi we giň halkara goldawyna eýe boldy. Türkiýäniň ÝUNESKO-daky Hemişelik wekili Gülnur Aýbet bu kararyň guramanyň köpdilliligi, medeni dürlüligi we halklaryň arasyndaky dialogy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny görkezýändigini nygtady.
Ýeri gelende bellesek, dünýäde 200 milliondan gowrak adam türki dillerde gürleýär, olary umumy taryh we medeni gymmatlyklar birleşdirýär. Şeýlelikde, bu sene türki siwilizasiýasynyň taryhyndaky iň möhüm waka — 1893-nji ýylyň 15-nji dekabrynda daniýaly alym Wilgelm Tomseniň Orhon ýazgylarynyň üstüni açmagy bilen baglydyr.
ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň çäginde Bütindünýä türki dilli maşgalanyň gününiň döredilmegi mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärä Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Wengriýanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de alymlar we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
