Türkmen ýetginjekleriniň ýeňişli ýoly Kolombonyň kortlarynda dowam edýär

MilliInfo

25 Mart, 2026

Türkmenistanyň tennis boýunýa ýetginjekler ýygyndysy (U16) Kolombo şäherinde geçirilýän Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagynda möhletinden öň çärýekfinala çykdy. Omanyň toparyny ynamly ýeňenlerinden (3:0) soň, biziň tennisçilerimiz Mýanmanyň türgenleriniň garşysyna geçen dartgynly duşuşygy 2:1 hasabyndaky ýeňiş bilen jemlediler.

Mýanma bilen bolan duşuşykda kesgitleýji utugy Ali Geldiýew bilen Kerimgeldi Guldurdyýewden ybarat jübüt gazandy. Olar super taý-breýkde ýeňiş gazandylar (4:6, 6:3, 10:7). Ýekelikdäki bäsleşikde Ali Geldiýew hasaby deňledi, ol Da Wuny (6:4, 6:1) ýeňdi. Ondan öň bolsa Süleýman Hudaýberdiýew ilkinji duşuşygynda garşydaşyndan asgyn geldi.

Türkmenistandan başga-da, «B» toparçadan pleý-off tapgyryna çykmak Singapuryň ýygyndysyna miýesser etdi. Soňky tapgyrda toparlar toparçanyň birinji ornuny kesgitlemek üçin özara güýç synanyşarlar. Şeýle hem çärýekfinala Şri-Lankanyň, Malaýziýanyň, Filippinleriň, Wýetnamyň we Okeaniýanyň ýygyndy toparlary wagtyndan öň çykdylar. Umuman, ITF-iň deslapky saýlama ýaryşyna 15 topar gatnaşýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info