ÝUNISEF Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda, Ahal welaýatynyň Nurly zaman obasyndaky 33-nji mekdepde gün fotoelektrik ulgamyny gurnady. Bu başlangyç mekdebiň suw üpjünçiligi, sanitar we gigiýena (WASH) ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegi üçin arassa we ygtybarly energiýany üpjün etmäge kömek edýär.
Ulgam gaýtadan dikeldilýän energiýanyň hasabyna suw nasoslaryny we yşyklandyryşy tok bilen üpjün edip, mekdebiň gündelik işini goldaýar hem-de 305 okuwçy we 35 işgär üçin howpsuz we sagdyn bilim gurşawyny döredýär.
«Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçirilen bu taslama mekdeplerde «ýaşyl» energiýany öňe sürmäge, infrastruktura durnuklylygyny ýokarlandyrmaga hem-de durnukly bilim giňişliklerini emele getirmäge gönükdirilendir.