Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Tuwadan, Özbegistandan, Tatarystandan, Azerbaýjandan we Başgyrdystandan gelen ýaş artistler «Aktau — Türki dünýäniň medeni paýtagty 2025» taslamasynyň çäklerinde Abaý adyndaky Medeniýet merkezinde geçirilen Halkara çagalar sungat festiwalyna — «Önerli Ören» (Döredijilik giňişligi) atly çärä gatnaşdylar.
Türki dünýäniň ýurtlaryndan gelen ýaş zehinler halk saz gurallaryny çalmakda, wokalda, estrada sungatynda we horeografiýada öz başarnyklaryny görkezip, festiwalyň tomaşaçylarynyň hem-de eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldular.
Jemleýji agşamyň iň ýatda galyjy pursatlarynyň biri-de gala-konsertiniň çaginde bolup geçdi.
Festiwalyň guramaçylyk komiteti «Önerli Ören» taslamasynyň milli çäreleri bilen türki dünýäsiniň çagalary üçin möhüm duşuşyk meýdançasyna öwrüljekdigine ynam bildirýär.