Türkmenistanyň adaty karate boýunça ýygyndy toparynyň ýaş türgenleri Daşkent şäherinde geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşmak üçin Özbegistana ugradylar. Taýýarlyk tapgyry 14-nji maýa çenli dowam eder. Okuw-türgenleşik işleri tamamlanandan soňra, türkmen topary 14 — 20-nji maý aralygynda geçiriljek Merkezi Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşda çykyş eder.
Toparyň häzirki düzümi Diýar Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky 16 türgenden ybarat.
Guralýan bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygy we halkara ýaryşy türkmen türgenlerine hünär ussatlygyny kämilleşdirmek, halkara derejeli kärdeşleri bilen tejribe alyşmak hem-de taýýarlygyň iň döwrebap usullaryny özleşdirmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.