Küşt boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary Aziýanyň Küşt federasiýasynyň hem-de Russiýanyň Küşt federasiýasynyň (RŞF) howandarlygynda 2 — 10-njy oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tula welaýatynda geçirilen mekdep okuwçylarynyň arasyndaky 20-nji Aziýa çempionatynda taryhy netije görkezdi.
11 türgenden ybarat ýygyndy topar 10 medal: 2 altyn, 5 kümüş we 3 bürünç medal eýeläp, gazanylan umumy baýraklaryň sany boýunça 2019-njy ýylyň rekordyny gaýtalady.
Şunda her bir türgene ortaça 0,91 medal düşmegi türkmen mekdep okuwçylarynyň yklym birinjiliklerindäki çykyşlarynyň bütin taryhynda iň ýokary görkeziji hökmünde bellige alyndy. 12 ýurduň arasyndaky umumytoparlaýyn hasapda Türkmenistan 4-nji orny eýeledi, medallaryň umumy sany boýunça bolsa diňe Russiýadan we Gazagystandan yza galyp, öňdebaryjy üçlügiň hataryna girdi.
Rapid (çalt şahmat) türkmen ýygyndysy üçin ýaryşyň iň üstünlikli görnüşi boldy — 5 medal (2 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç). Bahar Jumaýewa (7 ýaşa çenli gyzlar) we Hangeldi Myradow (7 ýaşa çenli oglanlar) altyn medallara mynasyp boldular. Aýa Baýramowa (13 ýaşa çenli) we Bägül Jumaýewa (9 ýaşa çenli) kümüş, Lälä Wepaýewa (11 ýaşa çenli) bolsa bürünç medal gazandylar.
Türkmen küştçüleri blis (has çalt küşt) boýunça 4 medal eýelediler. Bahar Jumaýewa, Bägül Jumaýewa we Çaryhekim Çaryýew (9 ýaşa çenli) kümüş medala, Hangeldi Myradow bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
Nusgawy (klassiki) küştde 7 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda mümkin bolan 9 utukdan 6,5 utuk toplan Bahar Jumaýewa bürünç medaly eýeledi.
Türkmen ýygyndysynyň düzüminde ýaryşyň baş gahrymany ýedi ýaşly Bahar Jumaýewa (Lebap welaýaty) boldy: ol maksatnamanyň ähli üç görnüşinde-de tapawutlanyp, medallaryň doly toplumyna mynasyp boldy: rapidde altyn, blisde kümüş we nusgawy şküştde bürünç medal.
Medallaryň jemleýji hasaby:
Orun | Ýurt | Altyn | Kümüş | Bürünç | Jemi |
1 | Russiýa | 23 | 18 | 24 | 65 |
2 | Gazagystan | 3 | 10 | 7 | 20 |
3 | Hindistan | 3 | 3 | 0 | 6 |
4 | Türkmenistan | 2 | 5 | 3 | 10 |
5 | Gyrgyzystan | 2 | 0 | 1 | 3 |
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýewiň nygtaýşy ýaly, halkara giňişligindäki bu şowly çykyş ýurdumyzda çagalar we ýetginjekler sportunyň ulgamlaýyn ösdürilmeginiň, zehinli ýaşlaryň halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşmagynyň hem-de Türkmenistanyň çäginde giň gerimli ýaryşlaryň guralmagynyň aýdyň netijesidir.
