Ýurdumyzyň ýaş küştçüleri «Kids Expo Chess Cup 2026» halkara ýaryşynda 24 medal gazandylar

MilliInfo

22 Awgust, 2026

Ýurdumyzyň ýaş küştçüleri «Kids Expo Chess Cup 2026» halkara ýaryşynda 24 medal gazandylar

20-nji awgustda Aşgabatda kadetleriň arasynda rapid we blis boýunça «Kids Expo Chess Cup 2026» halkara ýaryşy tamamlandy. Ýaryşlar 19-20-nji awgustda «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçirildi.

Iki günüň dowamynda 8 ýurtdan — Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan gelen ýaş küştçüleriň 94-si alty dereje (8, 10 we 12 ýaşa çenli oglanlar hem gyzlar) rapid boýunça ýedi tapgyrda, blis boýunça bolsa dokuz tapgyrda güýç synaşdylar. Ýaryş FIDE-niň düzgünlerine görä, halkara reýtingini hasaba almak bilen şahsy tertipde geçirildi. Jemi 12 sany medallar toplumy — 36 medal ugrunda bäsleşildi. Aşgabatda halkara çagalar küşt ýaryşlary eýýäm yzygiderli ikinji ýyl geçirilýär: 2025-nji ýylyň iýun aýynda paýtagtymyz 13 ýurtdan gelen ýaş küştçüleri kabul edipdi.

Medallaryň hasaby

Türkmenistanyň ýygyndy topary 24 medal (7 altyn, 9 kümüş we 8 bürünç) gazanyp, medallaryň sany boýunça birinji orny eýeledi. Ýaryşa gatnaşyjy sekiz ýurduň bäşisinden bolan wekiller baýraklara mynasyp boldular.

Ýurt

Altyn

Kümüş

Bürünç

Umymy

1

Türkmenistan

7

9

8

24

2

Eýran

4

4

3

Gazagystan

1

3

4

4

Özbegistan

2

1

3

5

Azerbaýjan

1

1

 

Umumy

12

12

12

36

«Şu hepde Aşgabat mekdep we çagalar küştüniň dünýä derejesindäki paýtagtyna öwrüldi. «Kids Expo Chess Cup 2026» ýaryşy Türki küşt assosiasiýasynyň howandarlygynda şol ýaş derejesinde geçirilen ilkinji ýaryş hökmünde taryha girdi. Ýeňijileri we baýrak eýelerini gutlaýaryn, şeýle hem ýaş türgenlere, tälimçilere, ene-atalara we halkara hyzmatdaşlarymyza hakyky küşt baýramy üçin minnetdarlyk bildirýärin» — diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew belledi.

Ýeňijiler we baýrakçylar

Ýaryşyň iň ýokary netijesini Kişa Mahbubi (Eýran, 10 ýaşa çenli) görkezdi: ol 16 partiýada 16 ýeňiş gazandy (rapidde 7-den 7, blisde 9-dan 9). Onuň bilen bilelikde Sadra Roşantab (Eýran, 12 ýaşa çenli) we WCM Dilber Hupbyýewa (Türkmenistan, 12 ýaşa çenli gyzlar) «altyn dubl» etdiler: olaryň ikisinde-de 16 utukdan 15,5 utuk bar (rapidde bir deňme-deňlik we blisde ýüz göterimlik netije). Eýranly ýeňijileriň ikisi-de öz ýaş derejelerinde Aziýanyň çempionlarydyr.

Bäsleşigiň ýokary derejesini 12 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky rapidde kümüş medal gazanan Ýewropanyň çempiony WCM Mehriban Ahmadliniň (Azerbaýjan) netijesi hem tassyklaýar.

Iň çekeleşikli bäsleşikler rapidiň kiçi ýaş derejelerinde bellige alyndy. 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda üç baýrakçynyň — Amirowyň, Babaýewiň we Myradowyň hersi 6 utuk toplady, medallaryň ykbalyny Buhgols koeffisienti çözdi. 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda hem altyn medaly goşmaça görkezijiler kesgitledi: Laçyn Isaýewa we Bahar Jumaýewa 5,5 utuk bilen ýaryşy jemlediler.

Jemi 13 gatnaşyjy rapid we blis ýaryşlarynyň netijesi boýunça iki medalyň eýesi boldy. Jemleýji sanawda olar ýyldyzjygyň (*) kömegi bilen, altyn dubl edenler bolsa iki ýyldyzjyk (**) bilen bellenildi.

Rapid — 19-njy awgust, 7 tapgyr

Oglanlar
8 ýaşa çenli:

1.     Zakariýa Amirow* (Gazagystan) — 6 utuk

2.     Kerim Babaýew (Türkmenistan) — 6 utuk

3.     Hanguldy Myradow* (Türkmenistan) — 6 utuk

10 ýaşa çenli:

1.     Kişa Mahbubi** (Eýran) — 7 utuk

2.     Çaryhekim Çaryýew (Türkmenistan) — 5,5 utuk

3.     Halylmuhammet Çaryýew* (Türkmenistan) — 4,5 utuk

12 ýaşa çenli:

1.     Sadra Roşantab** (Eýran) — 6,5 utuk

2.     Nazar Narymanow* (Türkmenistan) — 5,5 utuk

3.     Lazizbek Şawkatow* (Özbegistan) — 5 utuk

Gyzlar
8 ýaşa çenli:

1.     Laçyn Isaýewa (Türkmenistan) — 5,5 utuk

2.     Bahar Jumaýewa* (Türkmenistan) — 5,5 utuk

3.     Çynar Pirkulyýewa* (Türkmenistan) — 5 utuk

10 ýaşa çenli:

1.     Bägul Jumaýewa* (Türkmenistan) — 5,5 utuk

2.     Mähriban Kakageldiýewa (Türkmenistan) — 5 utuk

3.     Akniýet Kumisbaý* (Gazagystan) — 4,5 utuk

12 ýaşa çenli:

1.     WCM Dilber Hupbyýewa** (Türkmenistan) — 6,5 utuk

2.     WCM Mehriban Ahmadli (Azerbaýjan) — 5 utuk

3.     Zalina Iminowa* (Türkmenistan) — 4,5 utuk

Blis — 20-nji awgust, 9 tapgyr

Oglanlar
8 ýaşa çenli:

1.     Begmyrat Agamämmedow (Türkmenistan) — 7,5 utuk

2.     Hanguldy Myradow* (Türkmenistan) — 7 utuk

3.     Zakariýa Amirow* (Gazagystan) — 6,5 utuk

10 ýaşa çenli:

1.     Kişa Mahbubi** (Eýran) — 9 utuk

2.     Abdurahmon Rajabow (Özbegistan) — 7 utuk

3.     Halylmuhammet Çaryýew* (Türkmenistan) — 6,5 utuk

12 ýaşa çenli:

1.     Sadra Roşantab** (Eýran) — 9 utuk

2.     Lazizbek Şawkatow* (Özbegistan) — 7,5 utuk

3.     Nazar Narimanow* (Türkmenistan) — 6,5 utuk

Gyzlar
8 ýaşa çenli:

1.     Nazly Kakageldiýewa (Türkmenistan) — 7 utuk

2.     Bahar Jumaýewa* (Türkmenistan) — 7 utuk

3.     Çynar Pirkulyýewa* (Türkmenistan) — 6,5 utuk

10 ýaşa çenli:

1.     Selbi Arslanowa (Türkmenistan) — 7 utuk

2.     Bagul Jumaýewa* (Türkmenistan) — 7 utuk

3.     Akniýet Kumisbaý* (Gazagystan) — 6 utuk

12 ýaşa çenli:

1.     WCM Dilber Hupbyýewa** (Türkmenistan) — 9 utuk

2.     Zalina Iminowa* (Türkmenistan) — 7,5 utuk

3.     Jumasoltan Muhammetberdiýewa (Türkmenistan) — 7 utuk

Serginiň küşt maksatnamasy dowam edýär: 21-22-nji awgustda «Kids Expo» meýdançasynda «ChessFest» festiwaly geçirilýär. Onuň çäklerinde isleg bildirýänleriň hemmesi üçin birwagtda oýun seanslary, ussatlyk sapaklary we erkin görnüşli oýunlar guralýar.

Ýaryşyň guramaçylary we hyzmatdaşlary: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy, Halkara mekdep küşt federasiýasy (ISCF), Türki küşt assosiasiýasy, Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň «Freedom Asian Chess Initiatives» (FACI) maksatnamasy we «TurkmenExpo» kompaniýasy. Ýaryş FIDE we Halkara mekdep küşt federasiýasy tarapyndan yglan edilen «Bilimde küşt ýyly — 2026» diýen şygar astynda geçirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info