30-njy iýundan 9-njy iýula çenli Gyrgyz Respublikasynda — Yssykkölüň kenarynda ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda küşt boýunça Merkezi we Demirgazyk Aziýa çempionaty geçirilýär. Oňa Türkmenistandan hem türgenler gatnaşýarlar.
Ýaryşa sebitiň bäş ýurdundan wekiller gatnaşýarlar: Gazagystan — 123, Gyrgyzystan — 193, Täjigistan — 11, Özbegistan — 87 we Türkmenistan — 19 türgen.
Ýaryş rapid (çalt küşt oýnamak) boýunça bäsleşikler bilen başlandy. Onda türkmen küştçüleri örän netijeli çykyş edip, 2 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medal gazanmagy başardylar.
Ýaryş şweýsar ulgamy boýunça 7 tapgyrda geçirildi. Wagt gözegçiligi bolsa her oýun üçin 10 minut we her göçüme 5 sekunt goşulmagy bilen amala aşyryldy.
Altyn medal gazanan türgenlerimiz:
Merýem Rustemowa (reýtingi 1585): Lebap welaýatyndaky 27-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy (2018-nji ýylda doglan). Ol mümkin bolan 7 utukdan 6-syny toplap, halkara reýtingini 46,8 ball ýokarlandyrdy.
Bägül Jumaýewa (reýtingi 1597): Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy (2017-nji ýylda doglan). Küştçi 6,5 utuk toplap, reýtingini 97,2 ball artdyrdy.
Kümüş medalyň eýeleri:
Annamuhammet Hommadow (reýtingi 2396): Türkmenistanyň döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby, Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň terbiýeçisi. Ol Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Türgen 5 utuk toplap, reýtingini 22,8 ball ýokarlandyrdy.
Läle Şohradowa (reýtingi 2153): Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby. Ol hem Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýär we oýnuň dowamynda 5 utuk toplamagy başardy.
Bürünç medalyň eýesi:
Aýýa Baýramowa (reýtingi 1920): Lebap welaýatynyň 31-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy (2014-nji ýylda doglan). Ol 5,5 utuk toplady we reýtingini 39,6 ball ýokarlandyrdy.
Türkmen küştçüleriniň çempionatdaky şowly çykyşy ýurduň ýaş türgenleriniň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny ýene bir gezek tassyklady we küşt boýunça milli mekdebimiziň halkara arenasyndaky nobatdaky üstünligine öwrüldi. Ýaryşa gatnaşmak Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň hemaýat bermeginde amala aşyrylýar. Biziň küştçülerimize öňde ýene-de gyzykly bäsleşikler garaşýar.
Ýaryşyň netijeleri «Chess-Results» resmi saýtynda çap edildi.
