Türkmenistanly ýaş tennisçiler «Topspin» dünýä brendiniň ykrarnamasyna eýe boldular

MilliInfo

şu wagt

Türkmenistanyň tennis mekdebi halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinden ornuny tapmagyny dowam etdirýär. Sport enjamlaryny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjylarynyň biri bolan Germaniýanyň «Topspin» brendi biziň geljegi uly türgenlerimiziň ikisini — Sülgun Işangulyýewany we Näzli Hudaýgulyýewany höweslendirdi.

2026-njy ýylyň başyndan bäri ýaş türgenler Aziýanyň tennis tapgyrynda ajaýyp netijeleri görkezip, jemi 9 medal gazandylar, olaryň 7-si altyn medallardyr. Brend gyzlaryň zehinini ykrar edýändiginiň nyşany hökmünde ýaş tennisçilere professional derejeli sport lybaslaryny we enjamlaryny (ekipirowkasyny) sowgat berdi.

Halkara derejesindäki şeýle ýokary üstünlikler döwlet tarapyndan berilýän giň gerimli goldawlar netijesinde mümkin boldy. Türkmenistanda dünýä derejeli türgenleri ýetişdirmek üçin ähli amatly şertler döredildi. Häzirki zaman sport toplumlary, ýokary hilli türgenleşik meýdançalarynyň elýeterliligi we sagdyn durmuş ýörelgesiniň yzygiderli wagyz edilmegi — bularyň ählisi ösüp gelýän ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalaryň miwesidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info