«Malatýanyň altyn şetdalysy» türkmen küştçisinde

MilliInfo

9 Sentýabr, 2025

Türkiýäniň Malatýa şäherinde guralan «Malatýanyň altyn şetdalysy» atly Halkara açyk küşt ýaryşynda 486 küştçi bäsleşdi. Oňa aň-paýhas oýnunyň Müsürden, Eýrandan, Iordaniýadan, Marokkodan, Siriýadan, Türkiýeden we Türkmenistandan bolan wekilleri gatnaşdylar. Ýaryş oýunçylaryň dürli ýaş derejelerinde we reýting toparlarynda ussatlyklaryny görkezmeklerinde möhüm mümkinçilik boldy.

«B» derejesinde jemi 122 küştçi bäsleşdi. Bäsleşik halkara talaplaryna laýyklykda geçirildi: Şweýsar ulgamy boýunça 9 tapgyr, wagt gözegçiliginden her bir küştçi üçin oýna 90 minut wagt hem-de her göçüme başyndan 30 sekunt goşmaça. Bu derejede Türkmenistandan bolan ýaş küştçi Osman Hamrakulyýew ýeňiji boldy. 9 oýunda 7,5 utuk toplan ildeşimiz tutuş ýaryşyň dowamynda durnukly hem ynamly oýun görkezdi.

Malatýadaky netijesi Osmanyň soňky ýyllarda gazanan ýeke-täk üstünligi däl. Ol 2025-nji ýylyň 18 — 24-nji awgusty aralygynda Türkiýäniň Kappadokiýa şäherinde geçirilen halkara küşt ýaryşynda hem üstünlikli çykyş edip, 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda 2-nji orny eýeledi. Şeýle hem Osman şu ýylyň iýunynda Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşda 3-nji orny eýeläp, ýokary derejedäki taýýarlygyny ýene bir ýola subut etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo