Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolundan sowlan gara ýol Lebap döwlet elektrik stansiýasyna sary uzaýar. Bu ýol Garagum bilen Türkmenabadyň araçäginden geçýär. Sekiz ýyl ozal bu ýerde «Amul — Hazar» awtorallisine badalga berlipdi. Düýn—12-nji noýabrda bolsa ýene şu menzilden, ýene şol aralyga 35 sany şabaz bedew we olara atlanan ýigitlerimiz «Niredesiň, Hazar deňzi!» diýip, ýola düşdüler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Atly ýigitler Jeýhun ýakasyndaky şäheriň eteginden dabaraly ýagdaýda ugradyldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna, Aşgabat we Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän ýigitler, nesip bolsa, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýunda ajaýyp Awaza baryp ýeterler. Olar 1 müň 755 kilometre uzajak taryhy menzili uly ruhubelentlikde külterlärler.
Hawa, dal bedewlere atlanan 35 ýigit gadymy Amulyň eteginden bahry-Hazara sary ýola düşdi. Nesip bolsa, bir aý çemesi wagtda menziller olary ajaýyp Awaza alyp barar.
