Türkmenistanyň saýlaw uçastoklary möhletinden öň ses bermek üçin gapylaryny giňden açdy

MilliInfo

2 sagat öň

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, bu işler ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän, şeýle hem saýlawlaryň geçirilýän gününde — 29-njy martda, dürli sebäplere görä, mynasyp dalaşgäre ses bermek üçin degişli saýlaw uçastoklaryna baryp bilmejek raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda habar berlişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, tassyklanylan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda guraldy.

Öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlygyň çäklerinde saýlaw okruglarynyň jemi 363-si döredilip, olaryň çäginde hereket etjek saýlaw uçastoklarynyň 578-si saýlawlary geçirmäge doly taýýar edildi. Türkmenistanyň raýatlarynyň 658 müň 924-si saýlawlarda ses bermek üçin saýlawçylaryň sanawyna girizildi. Şolaryň 11 müň 373-si ilkinji gezek ses berýän saýlaw hukukly ýaş saýlawçylardyr. Möhletinden öň ses bermek saýlaw uçastoklarynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçiriler. Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, raýatlar toparlarynyň wekillerinden bellenilen, şeýle-de dalaşgärleriň özleriniň bellän milli synçylarynyň 667-si welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynda bellige alyndy.

Şeýlelikde, saýlawlar boýunça möhletinden öň ses bermegiň badalga alan tapgyry bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlygy tassyklaýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info