«Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans toparynyň Ankaradaky çykyşy abraýly festiwalyň iň täsirli bölegine öwrüldi

MilliInfo

1 sagat öň

19—24-nji aprel aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde 48-nji halkara çagalar festiwaly geçirildi. Oňa dünýäniň 27 döwletinden döredijilik toparlary gatnaşdylar. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagy we gutlag sözi bilen çykyş etmegi möhüm çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ajaýyp festiwala Türkmenistandan hem çagalar döredijilik topary gatnaşdy. Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasy tarapyndan geçirilen ajaýyp festiwalda Watanymyza wekilçilik eden Aşgabat şäheriniň häkimliginiň «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary üstünlikli çykyş etdi. Toparyň ajaýyp çykyşy çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri döretdi. Türkmenistanly çagalaryň «Aýterek-günterek» atly şadyýan çykyşy bagtyýar çagalygyň joşguny, agzybirligiň hem parahatçylygyň buşlukçysy bolup dabaralandy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info