Indi 20 ýyldan gowrak wagtdan bäri ylmy önümçilik işi bilen meşgullanyp gelýän «Jahan Elektronik» hususy kärhanasy ýakyn günlerde elektrik bekedindäki energiýany göneldilen toga öwürýän enjamyny hödürledi. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki (01.12.2025ý) sanynda habar berildi. Täze enjam öňdebaryjy usullara daýanýar:
— Biziň işläp düzüjilerimiziň täze hödürleýän energiýa çeşmesiniň gurluşy hakynda bellesek, bu tehnologiýa tor transformatorsyz işleýär. Muňa garamazdan, ýörite, özboluşly shema çözgüdi bilen baglylykda, çykaryjy gysgyçlarda «faza urgusy» doly aradan aýrylandyr. Bu bolsa onuň ulanylyş ugurlaryny ep-esli giňeldýär. Şeýlelikde, olary öý hojalygynda, şeýle hem elektrohimiki gorag ulgamlarynda peýdalanmak mümkinçiligini döredýär.
Hödürlenýän shema çözgüdi enjamy ýasamak çykdajylarynyň we onuň agramynyň azaldylmagynda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Çünki bu ýerde gymmat bahaly we agyr tor transformatory ulanylmaýar. Şunuň netijesinde hem, önümiň özüne düşýän gymmaty peselýär, agramy bolsa meňzeş enjamlaryň agramyna (95 kg) garanyňda bäş esse ( 17 kg çenli) ýeňilleşýär. Bu bolsa ulanyş amatlylygyny ýokarlandyrýar.
Täze tehnologiýa +55 °C çenli temperaturada ygtybarly iş mümkinçiligine eýedir. Impulsly energiýa çeşmelerinden tapawutlylykda, biziň enjamymyz pes ýygylykly shema esasynda işleýär we onda tiristorlary ulanmak mümkin. Tiristorlaryň ýokary daşky gurşaw temperaturasyna durnuklydygy bellidir. Bu bolsa enjamlaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar — diýip, «Jahan Elektronik» hususy kärhanasynyň direktory Egemberdi Kuwandykow gürrüň berdi.
