Janköýerler Hindistanda Messi bilen agşamlyk naharyny edinip bilerler — bu mümkinçiligiň bahasy 107 müň dollar

MilliInfo

16 sagat öň

Argentinanyň milli ýygyndysynyň hem-de «Inter Maýaminiň» kapitany Lionel Messi 13 — 15-nji dekabr aralygynda Hindistanda saparda bolar. Saparyň dowamynda argentinaly ýyldyz janköýerler bilen her bir duşuşykdan 107 müň amerikan dollaryna çenli girdeji gazanar. Bu barada «NDTV Profit» habar berýär.

Messi Hindistanyň üç şäherinde — Kalkuttada, Mumbaýda hem-de Delide bolar. Hindistanda Messini ýakyndan görmek isleýänler üçin ýörite nyrhnamalar taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, Messi bilen duşuşygyň bahasy adamyň sanyna görä kesgitlenýär:

  • 1 adam üçin — 11 müň amerikan dollary;

  • 4 adamlyk maşgalalar üçin — 28 müň amerikan dollary;

  • 10 janköýerden ybarat topar üçin — 107 müň amerikan dollary.

Şol bahanyň içine Messiniň özi bilen ýüzbe-ýüz duşuşyk, ýadygärlik surat, Argentinanyň milli ýygyndysynyň awtografly köýnekçesi hem-de agşamlyk nahary girýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo