Janköýerler lapykeç halda: «Real» «Atletikodan, «Liwerpul» bolsa «Kristal Pelasdan» asgyn geldi

MilliInfo

28 Sentýabr, 2025

Dünýäniň iň köp janköýerlik edilýän toparlarynyň ahymyrda galmagy La Liganyň hem-de Angliýanyň Premýer-ligasynyň nobatdaky tapgyrynyň täsirli geçmegini üpjün etdi.

La Liganyň 27-nji sentýabrda geçen ýedinji duşuşygynda Madridiň «Realy» myhmançylykda şol şäheriň «Atletikosyndan» asgyn geldi — 5:2. Şunlukda, ýer eýelerinden Leo Norman (14), Sýorlot (45+3), Alwares (51, 63) hem-de Grizman (90+3) tapawutlandy. «Realyň» gollaryny bolsa Mbappe (25) bilen Güler (36) geçirdi.

Nobatdaky ýeňlişine garamazdan, «Real» 18 utugy bilen ýaryş tertibiniň başyny elden bermeýär. 12 utuk jemlän «Atletiko» bolsa öňdäki dörtlüge çykdy.

APL-iň altynjy duşuşygynda bolsa «Liwerpul» «Kristal Pelasdan» ýeňildi. Londonyň «Selherst Park» stadionynda geçen oýunda ýer eýeleri bolan «Kristal Pelasdan» Sarr (9) hem-de Nketia (90+7) dagynyň gollary bellige alyndy. «Liwerpuldan» bolsa Kýeza (87) tapawutlandy.

Nobatdaky ýeňlişi 15 utuk jemlän «Liwerpulyň» ýaryş tertibiniň birinji basgançagyny terk etmegine sebäp bolup bilmedi. 12 utuk jemlän «Kristal Pelas» bolsa ikinji orunda barýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo