11-nji fewralda paýtagtymyzda AFK Çempionlar ligasy 2 bäsleşiginiň 1/8 finalynyň çäginde ýurdumyzyň «Arkadag» futbol topary Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» kluby bilen duşuşar. Şeýlelikde, Arkadag şäheriniň toparynyň janköýerleri ýadygärlik sowgatlaryny we sport eşiklerini Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda hereket etjek Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň söwda nokatlarynyň bäşisinden alyp bilerler. Bu barada Aşgabat şäheriniň häkimliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Söwda nokatlary tomaşaçylaryň oturýan ýeriniň edil arka tarapynda ýerleşip, myhmanlara bökdençsiz hyzmat eder. Olardan janköýerler adyny taryha ýazan «Arkadag» toparynyň nyşany çekilen başgaplary (kepkalary), şarflary, futbolkalary, çalgyçlary we beýleki ownuk sowgatlary alyp bilerler.
Oýna has taýýarlykly bolup, ýokarda agzalan ýadygärlik harytlary öňünden satyn almak isleýän janköýerlere bolsa paýtagtymyzda ýerleşýän «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezine ýa-da Dokma senagaty ministrliginiň beýleki dükanlaryna baryp, isleýän harytlaryny satyn alyp biljekdiklerini ýatladýarys.