Janluiji Donnarumma indi «Mançester Sitiniň» derwezesini gorar

MilliInfo

3 Sentýabr, 2025

Tomusky transfer penjiresiniň ýapylmagynyň öňüsyrasyndaky günlerde dünýäniň iň güýçli futbol klublarynyň biri bolan «Mançester Siti» Ýewropanyň iň ökde derwezeçileriniň biri hasaplanýan Janluiji Donnarumma bilen transfer ylalaşygyny gazandy.

Şeýlelikde, klub 14 million ýewro Türkiýäniň «Fenerbahçe» klubyna giden Ederson Moraesiň galdyran boşlugyny doldurdy.

Donnarummanyň «PSŽ» toparyndan gitmek isleýändigini beýan etmegi bilen, şertnamasy tamamlanan derwezeçiniň haýsy kluba geçjekdigi hakynda myş-myşlar köpelipdi. Şeýlelik bilen, ençe wagt bäri dowam edýän Donnarumma hekaýasyna hem nokat goýuldy.

Italiýaly derwezeçi 14-nji sentýabrda «Mançester Ýunaýted» bilen boljak Angliýanyň Premýer-ligasynyň duşuşygynda ilkinji gezek «Mançester Sitiniň» köýnekçesinde çykyş edip biler.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo