Sähel salym mundan ozal garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça «UFC White House — Freedom 250» ýaryşy geçirildi. Onuň esasy wakasy 70 kg çenli agram derejesinde «UFC-niň» häzire çenli ýeňilmedik 29 ýaşly çempiony, gelip çykyşy boýunça ispan-gruzin söweşijisi bolan Iliýa Topuriýa bilen ýeňil agramda UFC-niň wagtlaýyn çempiony, amerikaly Jastin Getjiniň arasyndaky duşuşyk boldy.
Söweş dördünji rauntdan soň tamamlandy — Topuriýa alan agyr şikesleri sebäpli soňky bäş minutlyk tapgyra çykmakdan ýüz öwürdi. Üçünji raunddan soň Iliýa örän agyr zarbalary kabul etdi we onuň görüş ukybynda kynçylyklar ýüze çykdy. Dördünji raunddan soň ýagdaý has-da agyrlaşdy. Şunlukda, Jastin Getji ýeňil agramda UFC-niň doly hukukly çempionlyk guşagyny eýeledi.
Bu söweşden soň Topuriýanyň MMA hasabynda 17 ýeňiş we bir ýeňliş bar. Jastin Getjiniň bolsa 28 ýeňşi bellige alyndy. Onuň bäş gezek ýeňlişe sezewar bolandygyny ýatladýarys.
Agşamyň ikinji esasy duşuşygynda (co-main event) fransuz söweşijisi Siril Gan agyr agramda UFC-niň wagtlaýyn çempionlyk guşagy ugrundaky söweşde braziliýaly Aleks Pereýrany nokaut etdi.
