Jennifer Lopesiň topary Daşkende bardy

MilliInfo

7 Awgust, 2025

Meşhur amerikan aýdymçysy Jennifer Lopesiň topary Daşkende bardy.

Berlen maglumatlara görä, onuň Özbegistanyň paýtagtyna gelen toparyna 90 adam wekilçilik edýär.

Jennifer Lopesiň şu gün — 7-nji awgustda Özbegistanyň «Milliý» («Bunýodkor») stadionynda konsert berýändigini ýatladýarys. Guramaçylar 25 müň petek satmagy meýilleşdiripdiler. Şolaryň 40 %-ini eýýäm iýul aýynyň ortalaryna çenli aýdymçynyň daşary ýurtly muşdaklary tarapyndan satyn alnypdy.  

Dik duran ýeriňde konserte tomaşa etmek üçin niýetlenen ýerlere giriş peteginiň bahasy 800 müň som (63.87 amerikan dollary). Münberdäki iň arzan petekler bolsa 1,6 mln somdan (128 dollar) ýerlenýär.

56 ýaşly Jennifer Lopes 1-nji awgustda Astanada çykyş edipdi. Bu konserte 25 müň tomaşaçy gatnaşdy. Özbegistandaky çykyşyndan soň meşhur aýdymçy ýene-de Gazagystana dolanar we 10-njy awgustda Almatynyň ýaşaýjylary üçin niýetlenen konsert maksatnamasyny hödürlär.  

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo