Jennifer Lopesiň awgust aýynyň başynda Daşkent, Astana we Almaty şäherlerinde geçiren konsertleriniň syýahatçylyk, myhmanhana we restoran biznesiniň ösmegine itergi berendigi hem-de bu şäherleriň býujetine ep-esli möçberde salgyt girdejilerini getirendigi habar berildi.
Lopesiň 7-nji awgustda Özbegistanyň «Milliý» stadionyndaky konsertine hyzmat ediş personaly bilen birlikde, 31,1 müň adam ýerinde tomaşa edip, şolaryň 25 müňüsi petek satyn aldy. Petek alanlaryň 67 %-i daşary ýurtly myhmanlardyr. Şunlukda, petekleriň üýtgeýän bahasy esasynda, konsertiň girdejisiniň 1,97 milliondan 8,28 million dollar aralygynda bolandygy bellenilýär.
Şunda Özbegistana 15,3 müňden gowrak daşary ýurtly syýahatçy geldi. Daşary ýurtlularyň uly bölegi Lopesiň konsertine gelmek üçin 4 — 6 günlük syýahat paketlerini satyn aldylar. Syýahatçylyk möwsümi däldigine garamazdan, gelýän myhmanlaryň köp bolmagy çäräniň syýahatçylyk pudagyna ýetirýän täsiriniň möhüm ähmiýetini görkezýändigi «O’zbekiston 24» teleýaýlymynyň konsert baradaky sýužetinde bellenilýär.
Konserte taýýarlyk we onuň geçirilmegi bilen bagly işler bilen 115 gurama meşgullandy, şeýle-de 18 sany iýmit we söwda nokady işledi. Konsert gününde metro boýunça Çilanzar ugrundaky ýolagçylaryň sany 16,5 müň adam artdy.
Bellenilişi ýaly, bu çäre döwlet býujetiniň serişdeleri ulanylmazdan geçirildi we Özbegistanyň dünýä derejesindäki şowhunlary ýokary derejede geçirip bilýändigini görkezdi.
Jennifer Lopez Gazagystanda iki konsert berdi: 1-nji awgustda Astanada, 10-njy awgustda bolsa Almatyda.
Astanadaky konserte 30-dan gowrak ýurtdan gelen 10 müň töweregi syýahatçy tomaşa etdi. Myhmanlaryň ýaşaýyş, iýmit, ulag we söwda üçin günlük çykdajylary 230 dollar bolup, olaryň ortaça 3 güni şäherde geçdi. Guramaçylaryň hasaplamalaryna görä, konsertiň ykdysady täsiri 11,6 million dollara deň boldy. Bu bolsa diňe syýahatçylyk çykdajylaryny öz içine alýar — petek, uçar we otly çykdajylary bu hasaplamalara girizilmedi. Petekleriň ortaça bahasy 200, uçar peteginiň nyrhy bolsa 310 dollar boldy.
Býujete degişli salgyt girdejileriniň 714 müň dollar bolmagyna garaşylýar. Resmi maglumatlar, döwletiň konsert üçin çykdajy etmändigini, diňe jemgyýetçilik tertibini, ýangyn howpsuzlygyny we ulag bilen baglanyşykly meseleleri üpjün etmekde kömek berendigini tassyklaýar.
10-njy awgustda Almaty şäheriniň Merkezi stadionda geçirilen konsert 35 ýurtdan 20 müňden gowrak tomaşaçyny jemledi. Şäher häkimliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň maglumatyna görä, bu konsertiň ykdysady täsiri 9,2 million dollar töweregi bolup, bu gezek syýahatçylaryň petek, ýaşaýyş, iýmit we gezelenç hyzmatlaryna eden çykdajylary hem hasaplanyldy.
Jennifer Lopesiň bu çykyşlary onuň 13 ýurduň 20 şäherini öz içine alýan «Up All Night: Live in 2025» atly konsert syýahatynyň çäklerinde ýaýbaňlandyryldy.

