«Garri Potteriň» 25 ýyllygyna: «Lego» eksklýuziw toplumyny çykarýar

MilliInfo

1 sagat öň

«Garri Potteriň» 25 ýyllygyna: «Lego» eksklýuziw toplumyny çykarýar

«Lego» kompaniýasay jadyly dünýäniň muşdaklary üçin ajaýyp sowgat — «Garri Potteriň» giň göwrümli toplumyny taýýarlaýar. Sebäp hem örän saldamly: edil çärýek asyr mundan ozal ýaýlyma Garri Potter atly oglanjyk baradaky ilkinji kinofilm çykdy.

Konstruksiýa 3491 bölekden ybarat bolup, taýýar görnüşinde tekjede ep-esli ýer tutýar: beýikligi 51 sm, ini 35 sm. Bu diňe bir bina däl-de, eýsem birbada birnäçe ýerleriň şekillendirilmesidir. Ýokarky böleginde metro duralgasy we gahrymanlaryň ýerasty dünýä girmegi üçin ulanan şol meşhur gyzyl telefon budkasy bolan adaty London köçesi janlandyrylypdyr. Has aşakda bolsa iş otaglary ýerleşýär.

Toplumy gahrymanlaryň 14 sany kiçijik şekiljigi doldurýar — olaryň arasynda Germiona, Ron, ýaman jadygöý Wolan-de-Mort we başgalar bar.

Bu çagalar otagy üçin oýunjak däl-de, has uly ýaşly muşdaklar üçin niýetlenen kolleksiýa nusgasy hökmünde diýlip hem bellenilýär. Onuň bahasy 449,99 dollara deň bolar.

Satuwlar hemme kişi üçin birwagtda başlanmaz. «LEGO Insiders» maksatnamasynyň agzalary beýlekilerden irräk — 29-njy awgustdan başlap satyn alyp bilerler, galan ähli isleýänler üçin bolsa ýygyndy 1-nji sentýabrdan elýeterli bolar. Senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýin däl: kitaba görä, edil şol gün Hogwarts täze okuwçylary kabul edýär, şonuň üçin hem täze önümiň çykarylmagy bu kinofilminiň söýüjilerine her ýylky okuw ýylynyň başlanmagy bilen baglanyşykly baýramyna gabat gelýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info