Ussadyň 75 ýaşyna: Allamyrat Muhammedowyň «Mukaddes pata» atly şahsy sergisi geçiriler

MilliInfo

1 sagat öň

Ussadyň 75 ýaşyna: Allamyrat Muhammedowyň «Mukaddes pata» atly şahsy sergisi geçiriler

6-njy noýabrda paýtagtymyzda halkara derejesinde ykrar edilen suratkeş Allamyrat Muhammedowyň 75 ýaş toýuna bagyşlanan «Mukaddes pata» atly ýubileý şahsy sergisiniň dabaraly açylyşy bolar.

«Sungat • Miras • Medeniýet» şygary astyndaky bu ekspozisiýa tomaşaçylary sungatyň, ruhy dünýäniň we wagtyň üsti bilen täsirli syýahata çagyrýar. Sergi ussadyň köptaraply döredijilik ýoluny doly açyp görkezýär hem-de onuň eserlerinde çuňňur taryhy we pelsepewi keşpleri, baý milli medeni mirasy, aýdym-saz äheňlerini we häzirki zamanyň täsirli çeperçilik dilini sazlaşykly utgaşdyrýar.

Guramaçylar nakgaşlyk sungatyny we belent döredijiligi gadyrlap bilýän ähli sungat muşdaklaryny bu ajaýyp medeni waka gelip görmäge hem-de ussadyň baý ruhy dünýäsine aralaşmaga çagyrýarlar.

Serginiň açylyş dabarasy 6-njy noýabrda sagat 16:00-da Şekillendiriş sungatynyň sergi zalynda (Asudalyk köçesi, 33) geçiriler.

Sergi noýabr aýynyň ahyryna çenli tomaşaçylar üçin açyk bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info