«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 21-22-nji martda bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk günlerinde ýolagçylaryň islegleriniň artýandygyny nazara alyp, bökdençsiz awtoulag hyzmatyny amala aşyrmak maksady bilen, goşmaça awtobus gatnawlaryny ýola goýýar.
Şeýlikde, şol günler:
Aşgabat — Türkmenbaşy,
Aşgabat — Mary,
Aşgabat — Baýramaly,
Aşgabat — Ýolöten şäherara ugurlary boýunça goşmaça gatnawlar amala aşyrylýar.
Bu hyzmatdan peýdalanjak raýatlar ýol peteklerini Awtokombinat belleniş nokadyndaky, Aşgabat halkara awtomenzilindäki we paýtagtymyzyň wokzalyndaky kassalardan, şeýle hem şäherara bilet programmasynyň üsti bilen onlaýn görnüşinde satyn alyp bilerler.
Şeýle hem Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralary üçin 20-23-nji mart aralygynda 72-nji belgili Awtokombinat — Türkmeniň ak öýi — Awtokombinat şäherýaka ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň guralýandygy barada habar berilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 61 49-34-95; 44-35-20.