2025-nji ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlendi

MilliInfo

1 Noýabr, 2025

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — оktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Şondan soň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlaryna orun berildi.  H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň deslapky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

B.Amanowyň hasabatynda ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri beýan edildi.

T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň hasabaty gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada boldy.

B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň geçen on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şondan soň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewanyň gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem M.Çakyýewiň gözegçilik edýän düzümlerinde 2025-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hakyndaky hasabatyna orun berildi.  

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini belledi.

«Biziň alyp barýan syýasatymyzyň netijesinde ata Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, şeýle hem medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Daşary syýasatymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýar. Şeýle hem häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanyň kabul edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze, 2026-njy ýyla at bermek hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyna ünsi çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo