Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak baradaky Permanlara gol çekdi. Bu barada «TDH» habar berýär.
Resminamalara laýyklykda:
Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Welmämmedowiç Akmämmedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
Dörtguly Gurbangulyýewiç Süleýmanow Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenip, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy.
Aýmyrat Amandurdyýewiç Kürtow «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenilip, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Mundan başga-da, başga işe geçmegi sebäpli, Batyr Amangeldiýewiç Annaýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden, Nazar Halnazarowiç Agahanow bolsa Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy.
