Aşgabatdaky Rus öýi ýaşlary «Täze nesil» (Новое поколение) atly halkara medeni-bilim syýahatlary maksatnamasyna bagyşlanan maslahat beriş duşuşygyna çagyrýar. Bu taslama dünýäniň dürli künjeklerinden bolan ýaşlara Russiýa Federasiýasyna mugt baryp görmäge, onuň taryhy, medeniýeti, bilim we ýaşlar başlangyçlary bilen tanyşmaga, şeýle hem ählumumy ýaşlar bileleşiginiň bir bölegi bolmaga mümkinçilik berýär.
Çäre 10-njy iýunda — çarşenbe güni Rus öýüniň binasynda (salgysy: Türkmenbaşy şaýoly, 11-nji jaý) geçiriler. Duşuşygyň başlanýan wagty: 16:00.
Maslahat beriş duşuşygynyň dowamynda guramaçylar maksatnama gatnaşmagyň mümkinçilikleri, dalaşgärleri saýlap almagyň şertleri we talaplary barada giňişleýin gürrüň bererler. Olar gatnaşyjylary gyzyklandyrýan ähli soraglara jogap bererler.
Çärä gatnaşmak isleýän dalaşgärler hökman öňünden elektron görnüşde hasaba durmalydyrlar. Sargytlar şu elektron poçta salgysy arkaly kabul edilýär: otdel_tm@mail.ru.
Iberilýän hatda aşakdaky maglumatlary görkezmek talap edilýär:
Familiýasy we ady;
Çäräniň ady: «Täze nesil» (Новое поколение) taslamasy boýunça maslahat beriş duşuşygy».
