Ýoldaky ýakymsyz ýagdaýlardan hatda iň tejribeli sürüji hem ätiýaçlandyrylan däldir. Eger şeýle hadysa ýüze çyksa, esasy zat — aljyramaly däl. «Resmi Kepil» ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň hünärmenleri hadysany hasaba almakdan başlap, awtomobili doly dikeltmäge çenli ýoly tiz geçmäge kömek etjek takyk hereket tertibini taýýarladylar.
Eger siz ýol-ulag hadysasyna uçran bolsaňyz rahatlygyňyzy saklaň we şu gollanma boýunça hereket ediň:
1. Howpsuzlyk we hasaba almak
Howpsuzlyk: Haýal etmän duýduryş (awariýa) çyralaryny ýakyň we ýol-ulag hadysasy wagtynda goýulýan belgini (duýduryş üçburçlugyny) ýerleşdiriň.
Surata we wideoa düşürmek: Hadysanyň bolan ýerini dürli burçlardan surata düşüriň, iki awtomobiliň hem ýetirilen zeperlerini we olaryň ýoldaky ýerleşişini ýazga geçiriň.
2. Resmileşdirmek we habar bermek
Polisiýanyň Ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) gözegçisini çagyrmak: Ejir çekenler bar bolsa ýa-da hadysa gatnaşyjylar onuň ýüze çykyş şertleri boýunça bir ylalaşyga gelip bilmeseler, gözegçini çagyrmak hökmandyr.
Ätiýaçlandyryş kompaniýasyna jaň etmek: Ýol-ulag hadysasyndan soňra haýal etmän (ýa-da 3 senenama gününiň dowamynda) ätiýaçlandyryş kompaniýasy bilen habarlaşyň.
3. «Garagum ulag» merkezinde ekspertiza
Gözegçilik: Ätiýaçlandyryş kompaniýasy sizi ýetirilen zeperlere hünärmenler tarapyndan baha bermek üçin hyzmatdaş kompaniýa bolan «Garagum ulag» serwis merkezine ugradar.
Möhüm ýagdaý: Eger deslapky baha bermek boýunça ýetirilen zeperiň möçberi 15 000 manada çenli bolsa, tölegi almak üçin PÝGG-niň kepilnamasy (sprawka) talap edilmeýär.
4. Töleg görnüşini saýlamak
Ekspertizanyň netijeleri boýunça nähili hereket etmelidigini siziň özüňiz çözýärsiňiz: «Garagum ulag» awtoserwisinde awtomobili ýokary derejede bejermek üçin ýollanma almak ýa-da pul öwezini dolma (kompensasiýa) alyp, awtomobili özbaşdak bejertmek.
«Resmi Kepilden» maslahat: Ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň telefon belgisini häzirden telefonyňyzyň ýadyda (çalt jaň edilýän sanawa) goşuň. Dartgynly ýagdaýda bu siziň wagtyňyzy we nerwiňizi tygşytlar.
Ýoldaky ynamlylygyňyza maýa goýuň — bu garaşylyşyndan has aňsat we amatlydyr. Awtomobiliňizi ätiýaçlandyrmagyň we özüňizi islendik garaşylmadyk çykdajylardan goramagyň ýollary barada has köp maglumat alyň. «Resmi Kepiliň» hünärmenleri size maslahat bermäge hemişe taýýardyr.
Telefonlar: +993 62 203604, 48-46-36, 48-46-37
Salgy: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 50-nji jaý.
