ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Diýego sebitinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Ajaýyp duşuşyk «Fit International» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň, ýerli häkimiýet wekilleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda guraldy.
Baýramçylyk çäresine gatnaşan Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol öz çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi hem-de özygtyýarlylygyň, parahatçylykly ösüş ýörelgeleriniň we özara hormat goýmagyň iki ýurt üçin hem birleşdiriji ähmiýete eýedigini aýratyn belledi.
Medeni maksatnamanyň esasy pursady Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy.
«Fit International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kirt Eduards hem gutlaglara goşulyp, türkmen halkyna parahatçylyk, durnuklylyk we rowaçlyk diledi. Geçirilen bu çäre iki döwletiň arasyndaky dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
