«Honor» kompaniýasy özüniň täze «Honor 600» smartfonyny tanyşdyrdy. Önümiň esasy aýratynlygy 1/1,4 dýuýmlyk uly sensory bolan 200 megapiksellik kameradyr. Ol 30 esse sanly ulaltmak (zoom) mümkinçiligini we pes yşyklandyryş şertlerinde ýokary hilli surata düşürmek ukybyny goldaýar.
Emeli aň (AI) mümkinçilikleriniň arasynda suratlary gysga wideoroliklere öwürýän «AI Image to Video 2.0» funksiýasy aýratyn tapawutlanýar. Smartfon 120 Gs täzelenme ýygylygy we 8000 nite çenli ýokary ýagtylygy bolan 6,57 dýuýmlyk OLED ekrany bilen enjamlaşdyryldy.
7000 mAs sygymly akkumulýator smartfonyň awtonom işjeňligini üpjün edýär. Ol 80 Wt çalt zarýad bermek hem-de ters energiýa bermek (beýleki enjamlara zarýad bermek) funksiýalaryna eýedir. Deňeşdirme üçin aýtsak, «iPhone 17 Pro» modeliniň akkumulýatorynyň sygymy 4252 mAs ölçegine deňdir.
12 GB operatiw ýat we 512 GB içki ýat bilen üpjün edilen modeliniň bahasy, takmynan, 660 dollar töweregi bolar. Smartfonyň satyşlary aprel aýynyň ahyrynda başlanar.