Kanelo – Krouford söweşi: Çempion guşak däl-de, ýüzük dakynar

MilliInfo

13 Sentýabr, 2025

Bütindünýä Boks geňeşi (WBC) ikinji orta agramda titulyň eýesi meksikaly Saul «Kanelo» Alwares bilen amerikaly Terens Kroufordyň arasyndaky söweşiň ýeňijisine taryhda ilkinji gezek absolýut çempion üçin niýetlenen ýüzügiň beriljekdigini mälim etdi.

Kanelo bilen Krouforduň arasyndaky söweş 14-nji sentýabrda irden Las-Wegasda geçiriler. Ol Alwaresiň Bütindünýä Boks geňeşindäki (WBC), Bütindünýä Boks assosiasiýasyndaky (WBA Super), Bütindünýa Boks guramasyndaky (WBO) we Halkara Boks federasiýasyndaky (IBF) eýelik edýän titullaryny almak ugrunda geçiriler.

Maglumatlara görä, ýüzük umumy agramy tas 10 karat bolan gymmat bahaly daşlar bilen bezeldi we sary altyn bilen çarçuwalandy. Onuň bahasy 100 müň dollar diýlip hasaplanylýar. Ýaşyl daşlar ýüzügiň merkezinde WBC-niň guşagyny emele getirýär, üç reňkli gaşlar bolsa WBO-ny, IBF-i we WBA-ny alamatlandyrýar.

Ýüzügiň ýokarky bölegi aýrylanda, ringiň şekili, Krouford hem Kanelonyň familiýalary bilen «Ellijent» stadionynyň tegelek görnüşini görmek bolýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo