14-nji sentýabrda ABŞ-nyň Newada ştatyndaky «Allegiant Stadium» arenasynda professional boks agşamy geçirildi. Ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) dünýäniň absolýut çempionlygy ugrunda bolan esasy duşuşykda meksikaly Saul «Kanelo» Alwares bilen amerikaly Terens «Bad» Krouford duşuşdy. Bu Kroufordyň häzirki agramda ilkinji çykyşy boldy.
12 raund dowam eden söweşde eminleriň biragyzdan kabul eden çözgüdi boýunça Krouford ýeňiş gazandy – 116:112, 115:113, 115:113. Bu ýeňiş oňa dünýäniň absolýut çempiony adyny getirdi.
Şeýlelikde, Bad Kanelo Bütindünýä boks geňeşiniň, Bütindünýä boks assosiasiýasynyň, Bütindünýä boks guramasynyň we Halkara boks federasiýasynyň çempiony boldy.

Krouford häzirki döwürde üç agram derejesinde dünýäniň absolýut çempiony bolmagy başaran ilkinji boksçy hökmünde taryha girdi. Ozal Krouford birinji ýarym orta (63,50 kg çenli) we ýarym orta agramlarda (66,67 kg çenli) absolýut dünýä çempiony bolupdy. 37 ýaşly Krouford ýeňilmezek boksçy bolmagynda galýar. Alwares bilen geçirilen duşuşyk oňa professional karýerasyndaky 42-nji ýeňşini bagyşlady. 35 ýaşly Saul Alwares karýerasynda üçünji ýeňlişine sezewar boldy, şeýle-de onuň hasabynda 63 ýeňiş we iki deňlik bar.