138-nji «Canton Fair 2025» Kanton sergisi 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan 4-nji noýabryna çenli Hytaýyň Guançžou şäherinde geçiriler.
Bu Hytaýda geçirilýän iň uly sergi bolup, dünýäniň dürli künjeginden bolan öndürijileriň döwrebap önümleri we täzelikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýän ägirt uly meýdançadyr. Bu ýerde akylly elektronikalardan başlap, döwrebap egin-eşiklere hem-de öý we işewürlik üçin gerekli önümlere çenli — ähli harydy görmek bolýar.
Ýarmarka üç tapgyrda geçirilip, olaryň hersi belli bir haryt derejelerine bagyşlanar:
15 – 19 oktýabr: elektronika, hojalyk tehnikalary, yşyklandyryş önümleri, awtoulag şaýlary, gurallar, gurluşyk materiallary.
23 – 27 oktýabr: gap-gaçlar, öýüň içki bezeg serişdeleri, mebel, aşhana harytlary, ofis enjamlary hem sowgatlyklar.
31 oktýabr – 4 noýabr: dokma önümleri, egin-eşikler, aksessuarlar, aýakgaplar, sport harytlary, lukmançylyk we saglygy goraýyş serişdeleri, azyk önümleri.
Ýarmarka Aziýanyň iň uly, dünýä boýunça bolsa üçünji uly sergi merkezi bolan Paçžou sergi merkezinde geçiriler.
Kanton ýarmarkasy 1957-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň Söwda ministrligi tarapyndan Guandun welaýatynyň häkimiýeti bilen hyzmatdaşlykda esaslandyryldy. Ilki bilen, bu çäre daşary ýurtly alyjylary çekmek we Hytaýyň daşary söwdasyny ösdürmek maksady bilen döredildi. Şol döwürde Hytaý dünýä ykdysadyýetine täze goşulyşyp başlapdy.
Ýarmarkanyň üstünlikli geçirilmeginiň esasy sebäpleriniň biri hem Guançžou şäheriniň amatly ýerleşişi bilen baglydyr. Bu şäher söwda boýunça baý taryhy bilen tapawutlanýar. Ajaýyp sebitiň Hytaýyň halkara söwdasyndaky esasy «derwezesi» bolup durýandygyny bellemek gerek.
Öndürijilik kuwwatynyň güýçlenmegi, ykdysady ösüş we döwlet tarapyndan berilýän goldaw netijesinde, Kanton sergisi dünýäniň iň uly söwda wakasyna öwrüldi. Ol onlarça pudagy öz içine alýar, ýüz müňlerçe telekeçini özüne çekýär we halkara şertnamalaryň baglaşylýan, täze tendensiýalaryň ýüze çykýan hem-de üpjün edijileriň tapylýan möhüm meýdançasyna öwrülýär.
Ýarmarkada gatnaşmak ýa-da diňe bir myhman hökmünde baryp görmek üçin resmi web sahypasy arkaly hasaba aldyrmak zerurdyr.
Munuň üçin şu çeşmeden peýdalanyp bilersiňis.