«CNPC Amudarýa petroleuim Kompaniýa Ltd.» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasy «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyryny özleşdirmegiň çäklerinde, ýylda 10 milliard m3 harytlyk gaz öndürmek kuwwaty bolan desgalary we guýulary «taýýar görnüşde» (EPC) taslamalaşdyrmak hem-de gurmak taslamasy boýunça aşakdaky boş iş orunlaryna işgärleri kabul edýär:
hukukçylar;
maliýe hünärmenleri;
işgärler boýunça hünärmenler;
satyn alyşlary guramak boýunça hünärmenler;
inženerler;
zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk (HSE) boýunça hünärmenler;
buraw işlerini dolandyrmak boýunça inženerler we/ýa-da hünärmenler;
iş ýöredijiler (awiapetekler, howa menzilleri, kurýer gullugy, arhiw, wizalar, aktiwler we ş.m. ugurlar boýunça);
IT tehnikleri;
sürüjiler;
kätipler we terjimeçiler;
resepşn (kabulhana işgäri);
garawullar;
tämizleýji işgärler;
aşpezleriň kömekçileri.
Esasy talaplar we şertler:
Iş ýeri: Aşgabat, Mary.
Iş tejribesi: Görkezilen hünärler boýunça azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolmaly.
Dilleri bilmek derejesi: Rus dilini erkin bilmeli, hytaý dilini erkin bilýän dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär.
Resminamalaryň kabul edilişi:
Resminamalar bildirişiň çap edilen gününden (12.05.2026ý) başlap, 30 günüň dowamynda kabul edilýär.
Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.
Dalaşgärler öz rezýumelerini we anketalaryny aşakda görkezilen salga ibermelidirler:
Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3-nji jaý, «A» blok, 1-nji gat.