21-22-nji awgustda Astrahanda Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň kino pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Х Hazar mediaforumy geçiriler.
Mediaforum «Hazaryň taryhy: geçmişden geljege» atly plenar mejlisden we «Kino we media» boýunça bölümi hem öz içine alýan dört sessiýadan ybarat bolar.
Çäräniň esasy meýdançasy Astrahan döwlet opera we balet teatry bolar. Forumda logistika geçelgelerine, media sowatlylygyna, Hazaryň ekologiýasyna we energiýasyna bagyşlanan ara alyp maslahatlaşma platformalary bolar. Bu ýerde kino sungatyna aýratyn ähmiýet berler: sebit kinematografiýasyny goldaýan gazna tarapyndan guralýan mejlisde Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri çykyş eder. Olar öz ýurtlarynda kinematografiýanyň ösüşi barada gürrüň bererler, halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli tejribelerini paýlaşarlar we geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegine hem-de şertlerine baha bererler.
Forumyň ahyrynda žurnalistler üçin «Serhetsiz Hazar» diýen at bilen her ýyl geçirilýän bäsleşigiň netijeleri jemlener.
Forumyň esasy öňe sürýän ideýasynyň 2014-nji ýylda Hazar «bäşliginiň» — Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň hem-de Türkmenistanyň sammitinde dörändigini hem bellemek gerek. Astrahandaky ilkinji Hazar mediaforumy 2015-nji ýylda geçirildi. Forumyň dowamynda Astrahan sebitinde Hazar redaksiýasy we Hazar bilermenler kluby döredildi hem-de maglumat alyş-çalşygy yzygiderli üpjün edilýär.