Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Milli gurultaýyň mejlisiniň dowamynda milli özboluşlylygy kemala getirmekde düýpli ähmiýetli çemeleşmäni kesgitledi. «Kazinform» agentliginiň habar bermegine görä, Gazagystanyň döwlet baştutany gazagystanlylaryň taryhy aň-düşünjesiniň pajygalaryň, ýeňlişleriň we emosional taýdan berilýän düşündirişleriň öňe sürülmegine däl-de, eýsem, geçmişiň obýektiw seljermesine hem-de döredijilikli üstünlikleriň ykrar edilmegine esaslanmalydygyny belledi.
Goňşy ýurduň lideri öz çykyşynda jemgyýetçilik giňişliginde halkyň taryhyny, esasan, ejir çekmeleriň we synaglaryň prizmasy arkaly görkezmek synanyşyklaryna has ýygy-ýygydan duş gelinýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, beýle meýil hakyky taryhy ýagdaýy bozýar we geçmişe bolan kämil däl garaýşy kemala getirýär. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew «halkyň ýadyny zäherlemäge» we jemgyýetçilik agzybirligine zeper ýetirmäge ukyply bolan barlanmadyk maglumatlaryň we subýektiw teswirlemeleriň ýaýradylmagyna ýol berilmeli däldigini nygtady.
Doganlyk döwletiň baştutany taryhy ýagdaýlara baha bermekde berk ylmy obýektiwlige çagyrdy. Ol dünýä taryhynyň (istoriografiýasynyň) adatça gapma-garşylyklara we pajygaly wakalara aşa uly üns berýändigini, şol bir wagtda döredijilikli üstünlikleriň we ösüşiň nusgawy mysallarynyň köplenç ünsden düşürilýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, Gazagystan üçin öz taryhyna milli aň-düşünjäni berkidýän we mundan beýläkki ösüş üçin esas bolup hyzmat edýän deňagramly we kämil garaýşy kemala getirmek zerurdyr.
Goňşy ýurduň Lideri ýaş nesle aýratyn üns berip, hut şolaryň ýurduň taryhyny güýç-kuwwatyň, ynamyň we döredijiligiň çeşmesi hökmünde kabul etmelidigini nygtady. Gazanylan üstünliklere we ýeňişlere esaslanýan durnukly hem-de oňyn özboluşlylygy kemala getirmek döwleti berkitmegiň we jemgyýetde agzybirligi pugtalandyrmagyň iň möhüm şertidir.
