Şu gün dünýäniň iň meşhur kluby «Real Madrid» Gazagystanda çykyş eder. Meşhur klub Çempionlar ligasynyň umumy böleginiň 2-nji tapgyrynda Almatynyň «Kaýrat» toparynyň garşysyna çykar.
Almatynyň 26242 orunlyk Merkezi stadionynda geçiriljek oýun Aşgabat wagty bilen 21:45-de başlanar. Madridiň klubunyň bu duşuşyga gatnaşmak üçin iň ökde futbolçylaryny alyp gelendigi habar berildi.
Ýeri gelende ýatlasak, umumy bölegiň birinji tapgyrynda Gazagystanyň «Kaýraty» Portugaliýanyň «Sportinginden» asgyn gelipdi (1:4), bu gezek bolsa gazak toparyny çyn janköýerleri goldar. «Realyň» geçen dynç günlerinde Madridiň derbisinde «Atletikodan» ýeňlendigini (2:5) göz öňünde tutsak, Şa zenanynyň toparyndan nahili oýna garaşyp boljakdygyny çaklamak agyr.
Bu oýunda azyndan dört futbolçynyň — Temirlan Anarbekowyň (ýer eýelerinden), Antonio Rýudigeriň, Trent Aleksander-Arnoldyň hem-de Dani Karwahalyň (myhmanlardan) çykyş etmejekdigini hem bellemek gerek.

