Almatynyň (Gazagystan) «Kaýrat» futbol kluby UEFA Çempionlar ligasy 2025/2026-nyň pleý-off tapgyryndaky dartgynly duşuşykda Şotlandiýanyň «Seltik» toparyny ýeňlişe sezewar etdi we taryhda ilkinji gezek bu abraýly ýaryşyň umumy tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Oýnuň esasy we goşmaça wagtlarynda toparlaryň hiç biri hasaby açmagy başarmady. 11 metrlik urgular (penalti) bolsa sary-gara reňkli eşikde çykyş eden gazak toparynyň güýçlüdigini subut etdi.
Ozal «Kaýrat» toparyna ýewrokuboklaryň tapgyrlarynda çykyş etmek diňe 2021/2022-nji ýyllaryň futbol möwsüminde miýesser edipdi. Şol möwsümiň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda bu topar Haýfyň «Makkabi» klubuny geçmegiň hötdesinden gelipdi. Şondan soňky raundda bolsa «Srwene Zwezdadan» asgyn gelipdi. Gazagystanyň topary Ýewropanyň Ligasynda «Alaşkertadan» ýeňlipdi, Konferensiýanyň ligasynyň pleý-off oýunlarynda bolsa Lýuksemburgyň «Fola» klubundan üstün çykypdy. «H» toparçada «Bazel», «Karabah» hem-de «Omoniýa» bilen duşuşan «Kaýrat» dördünji orna düşüpdi.