«Arsenal», «Real Madrid» we «Inter»: «Kaýrat» Ýewropanyň iň güýçli klublarynyň öňünde gaýratyny görkezer

MilliInfo

30 Awgust, 2025

28-nji awgustda Monakoda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bijeleri täzeçe görnüşde çekildi. Şunlukda, bijeler esasynda kesgitlenen garşydaşlary ýaryşyň taryhda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň umumy tapgyryna çykmagy başaran Gazagystanyň «Kaýrat» topary üçin has-da agyr düşjekdigini aýan etdi. Çünki onuň ýaşyl meýdanda duşuşjak toparlarynyň arasynda Ýewropanyň iň güýçli klublary bolar. «Kaýrat» Madridiň «Realy» we Londonyň «Arsenaly» bilen duşuşyk geçirmeli bolar. «Real Madrid» «Kaýrat» bilen duşuşmak üçin Ispaniýanyň paýtagtyndan 6420 km ýol aşyp, Gazagystana geler. «Kaýratyň» ýene bir garşydaşy «Inter» bolar.

Umuman, toparyň garşydaşlarynyň hiç biriniň hem pes däldigini bellemek gerek. Belgiýanyň «Brýuggesi», Gresiýanyň «Olimpiakosy», Portugaliýanyň «Sportingi», Daniýanyň «Kopengageni» hem-de Kipriň «Pafosy» — bularyň ählisi diňe öz ligalarynda däl, eýsem, Ýewropanyň futbolunda mynasyp ornuny tapan klublardyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo