24-nji iýunda Astanada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet apparatynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewiň bilelikde başlyklyk etmeginde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň ähli esasy ugurlaryna — energetikadan we logistikadan başlap, obasenagat toplumyna we medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklara çenli seredip geçdiler we ykdysady taýdan ýakynlaşmagy çaltlandyrmak ugruny kesgitlediler.
Soňky bäş ýylda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlykda uly ösüş bellige alyndy: umumy haryt dolanyşygy iki esseden gowrak artyp, 530 million dollardan geçdi. Gazagystandan eksport, takmynan, 50% (316,3 million dollara çenli) ýokarlandy. Türkmenistandan import bolsa bäş esse artdy (215,8 million dollara çenli). Bu ösüş şu ýyl hem dowam edýär: 2026-njy ýylyň diňe ilkinji dört aýynda özara söwdanyň möçberi ýene 7% atyp, 180 million dollara ýetdi.
Toparyň mejlisi bilen bir wagtda Gazagystanyň paýtagtynda 100-den gowrak gazagystanly işewüri we Türkmenistanyň öňdebaryjy 40 kompaniýasynyň agzalaryndan ybarat wekiliýeti jemlän iri biznes-forum geçirildi.
Gazagystan tarapy Aşgabada importyň gurluşyny giňeltmegi hödürledi we 178 sany çig mal bolmadyk harytlaryň taýýar sanawyny teklip etdi. Astana umumy bahasy 200 million dollardan gowrak bolan möçberdäki metallurgiýa, maşyngurluşyk önümlerini, gurluşyk serişdelerini, derman serişdelerini we azyk önümlerini üpjün etmäge taýýardyr.
Türkmen biznesi göni kooperasiýa uly taýýarlyk görkezdi, munuň netijesinde birnäçe strategik resminamalara gol çekildi:
«QazTrade» paýdarlar jemgyýeti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi özara hususy kompaniýalaryň iki ýurduň bazarlaryna girmegini aňsatlaşdyrjak Ähtnama gol çekdiler.
Gazagystanyň «Silk Way Asia Trade» kompaniýasy türkmen hyzmatdaşlary — «Hazar Logistik» HJ we «Gamma» HK bilen şertnamalary baglaşdy. Maksat — serhetüsti onlaýn söwdany ösdürmek we logistikany utgaşdyrmak arkaly ýükleri eltip bermegi çaltlandyrmakdyr.
Gazagystanyň «Ashra Solutions» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti we Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň biri bolan «Ojar Aziýa» HK bilelikde maýa goýumlary goýmak we iri gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmak barada ylalaşdylar.
Astanadaky duşuşyk Gazagystan we Türkmenistan gatnaşyklarynyň adaty alyp-satmak formatyndan has ýokary derejä geçendigini görkezdi. Häzirki wagtda esasy üns senagat kooperasiýasyna, sanly tehnologiýalara we iki ýurduň iri hususy maýalarynyň arasynda göni bileleşikleri döretmäge gönükdirildi.
