Gazagystanyň Mangistau oblastynda türkmen-gazak serhedi bilen Žanaozen şäherini birikdirýän awtoulag ýolunyň giň gerimli abatlaýyş işleri başlandy.
Ýoluň uzynlygy 164 kilometre barabar bolup, şonuň 114 kilometrlik böleginde orta derejedäki abatlaýyş, öň asfalt örtügi bolmadyk 50 kilometrinde bolsa täze örtük düşemek işlrti alnyp barylýar.
Ortaça 100 tonna asfalt örtügini düşemek bilen, ýoluň 60 kilometrlik böleginde abatlaýyş işlerini jemlemek meýilleşdirilýär. Taslamany 2026-njy ýylyň ahyrynda dolulygyna tamamlamak meýilleşdirilýär.
Awtoulag ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistan bilen 2024-nji ýylda 555 million ABŞ dollaryndan hem geçen haryt dolanyşygynyň artmagy bilen baglanyşyklydyr.
Täze ýol logistikanyň ösmeginiň, sebitde söwdanyň we syýahatçylygyň täze netijelere eýe bolmagynyň möhüm şertidir. Ol Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda wajyp wezipäni ýerine ýetirer.