Gazagystan Türkmenistan bilen serhedindäki döwrebaplaşdyrylan «Temir-baba» awtoulag gözegçilik-geçiriş nokadyny işe girizdi.
«Temir-baba» nokady düýpli döwrebaplaşdyryldy: indi ol bir gije-gündizde 350-ä çenli awtoulagy kabul edýär. Deňeşdirme hökmünde bellesek, durky täzelenmezden ozal 150 ulaga çenli kabul edip bilýärdi. Indi bu ýerde gümrük gözegçiligi üçin 15 minutdan kän wagt gerek bolmaýar. Gümrük postunda fiziki şahslar üçin geçişiň ortaça wagty hem 5 minutdan köp däl.
Ulag geçelgeleriniň sany ikiden alta çenli artdyryldy, geçiriş nokadynyň meýdany bolsa ep-esli giňeldildi. Bu ýerde «Keden» maglumat ulgamy (sanly gümrük) we «bir penjire» mümkinçiligi boýunça utgaşdyrylan gözegçilik hereket edýär, elektron nobat ulgamy bolsa ulag dyknyşyklaryny aradan aýyrdy.
Mundan başga-da, gümrük posty döwrebap gümrük gözegçilik serişdeleri – radiasiýa detektorlary, teplowizorlar, agram we gabara kesgitleýji enjamlar, ýöriteleşdirilen barlag toplumlary, ýolagçylary bökdençsiz barlamak we goşlary gözden geçirmek üçin rentgen enjamlary bilen üpjün edildi.