Kembrij hem-de Oksford uniwersitetleri «The Times» reýtinginiň öňdäki üçlügini terk etdi

MilliInfo

25 Sentýabr, 2025

Diňe Beýik Britaniýanyň däl, eýsem, dünýäniň iň meşhur ýokary okuw mekdepleri hasaplanýan Kembrij hem-de Oksford ilkinji gezek «The Times and Sunday Times Good University Guide 2026» reýtinginiň ilkinji üçlügine girip bilmediler. 32 ýyl bäri yzygiderli çap edilýän sanaw ýokary okuw mekdepler üçin bilim derejesiniň görkezijisidir.

Londonyň Ykdysadyýet Mekdebi (LSE) bassyr iki ýyl bäri reýtingiň başyny çekip gelýär. Ikinji orny Sent-Endrýus uniwersiteti, üçünji ýeri bolsa Darem uniwersiteti eýeledi. Kembrij bilen Oksford reýtingiň dördünji we bäşinji basgançaklarynda ornaşdylar. Munuň özi 2025-nji ýylda ilkinji gezek ýurduň iň köne hem abraýly uniwersitetleriniň ikisiniň bilelikde öňdäki üçlügi terk edendigini tassyklaýar.

«The Guardian University Guide 2026» reýtinginde bolsa Oksford birinji, Kembrij üçünji boldy.
Elbetde, abraýly reýtingleriň bahalandyrmakda biri-birinden tapawutlanýandygyny bellemek gerek. «The Times» esasy ünsi uçurymlaryň işe ýerleşmegine we okuw sapagynyň hiline gönükdirse, «The Guardian» talyplaryň kanagatlanmagyny hem-de akademiki görkezijileri göz öňünde tutýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo